Mazmuna geçiň

Jennifer Lopez

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Çap edilip bilinýän wersiýa indi goldanylmaýar we ýalňyşlyklar bolup biler. Brauzer bellikleriňizi täzeläň we ýerine derek brauzeri çap etmek funksiýasyny ulanyň.

Jennifer Linn Lopez (iňlis. Jennifer Lynn Lopez) amerikan aktrisasy, tansçy, aýdymçy, modelýer, prodýuser we telekeçi.

1969-njy ýylyň 24-nji iýulynda Jennifer Nýu-Ýork şäheriniň baý bolmadyk böleginde Bronksda eneden bolýar. Onuň maşgalasy Puerto-Riko döwletinden gelip çykan. Jenniferyň iki uýasy bar, olaryň biri Linda Lopez täzelik habarçysy. Lopez öz orta bilimini gyzlar üçin katolik bolan mekdebinde tamamlaýar. Şeýle hem ol çagalyk döwründen aýdym aýtmak we tans sungaty bilen meşgullanýar.

Mekdebini tamamlanyndan soň Jennifer ýuridik edara işe girýär. Ol ýerde Lopez gündizine işleýär, gijesine bolsa gijeki klublarda çykyş edýär. Birinji ösüşini "New Kids on the Block" ýaş pop-gruppa topary bilen gazanýar. Soňra Janet Jekson we Mark Entoni ýaly belli aýdymçylarda çykyş edýär.

Jennifer Lopez şow-biznesdan hem daşary telekeçilik bilen hem meşgullanýar. Onuň özüne degişli JLo by Jennifer Lopez atly eşik liniýasy bar. 2002-nji ýylyň 12-nji aprelynda JeýLo Pasadena şäherinde Madre’s atly restoranyny açýar. Iň uly üstünligini parfýumeriýa biznesynda gazanýar. Onuň birinji Glow by J.Lo atly hoşboý ysly parfýumy satuwda rekord goýdy.

2008-nji ýylda Jenniferyň ekiz çagasy bolýar. Ogly Maksimilian Dewid we gyzy Emma Meribel. Olaryň kakasy Mark Entoni, Jennifer Lopez bilen bilelikde 2011-nji ýylyň 15-nji iýulynda aýrylyşmak barada karara gelýärler.