Mazmuna geçiň

Ýekegapan

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Ýekegapanlar Türkmenistanyñ çäginiñ ähli ýerinde diýen ýaly duş gelýär. Olar goşa toýnakly haýwanlara degişli bolup, erkeginiñ agramy 300 klograma çenli ýetýär. Biziñ welaýatymyzda olar Köpetdagyñ suw çeşmeleri köp bolan jülgelerinde, Garagum derýasynyñ ugrundaky gür gamyşly we ýylgynly ýerlerde duş gelýärler. Ýekegapanlar ösümlikleriñ kökleri, kösükleri, mör-möjekler we olaryñ liçinkalary, ýagyş gurçugy bilen iýmitlenýärler. Ýöne olaryñ iýmitiniñ köp bölegini ösümlikler tutýar. Ýekegapanlar agyzlaryndan çykyp duran iki sany uly dişleri bilen batgaly ýerlerde gamşyñ we beýleki ösümlikleriñ köklerini gazyp çykarýarlar hem-de olary iýýärler. Ýaz we tomus aýlary ösümlikleriñ gök ýapraklaryny, baldaklaryny, gyş aýlary bolsa ösümlikleriñ ýeriñ astyndaky böleklerini iýip, oññut edýärler. Ýiti dişleri olara duşmanlaryndan goranmaga-da kömek edýär. Olary gabasalar ýa-da atyp çala ýaralasalar, onda adama hüjüm edýän mahallaram bolýar. Ýekegapanlaryñ Garagum derýasynyñ boýundaky özleşdirilip, ekin dolanşygyna girizilen ýerlere ekilen gökdür bakja ekinlerini zaýalap gidýän wagtlaram az bolanok. Ýekegapanlar, esasan, gijelerine iýmitlenmäge çykýarlar. Gündizlerine bolsa gür gamyşlygyñ arasynda ýatyp, dynç alýarlar. Eger çybyndyr çirkeýler bimaza etseler, onda olar oý ýere ýygnanan suwa girip, diñe kellesini suwdan çykaryp ýatýarlar. Ýekegapanlar aprel we maý aýlarynda köpelýärler. Köplenç 4—5 jojuk dogurýarlar. Emma 11 jojuk dogan ýekegapanlara-da duş gelinýär. Olar süri bolup ýaşaýarlar. Ýöne erkek ýekegapanlar köplenç jojuklaryndan we olaryñ enelerinden aýratyn, ýeke gezýärler. Jojuklarynyñ derisi açyk reñkde we ala bolýar. Ulalanlaryndan soñ bolsa, olaryñ garamtyl-goñur ýa-da çal reñkli bolýar. Ýabany ýekegapanlar ortaça 30 ýyl ýaşaýarlar. Olar zyýanly mör-möjekleri ýok edip, peýda getirýärler.

[düzet | çeşmäni düzet]